Teýli Individual Enterprise
«Teýli» hususy kärhanasy ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine goşant goşmak hem-de daşary ykdysady geleşikler esasynda import we eksport edilýän harytlaryň gümrük taýdan tiz wagtda resmileşdirilmegine gümrük dellalçylyk hyzmatlarynyň üsti bilen ýardam etmek makdasy bilen «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda döredildi.
Hususy kärhana Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti tarapyndan hasaba alyndy we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan gümrük dellallarynyň sanawyna goşuldy.